Daşary Ýurtlylar Awgust Aýynda 5 Müň 866 Ýaşaýyş Jaýyny Satyn Aldy

Türkiýeden ýaşaýyş jaýyny satyn alýan daşary ýurtlylaryň sany gün saýyn köpelýär

1706082
Daşary Ýurtlylar Awgust Aýynda 5 Müň 866 Ýaşaýyş Jaýyny Satyn Aldy

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň awgust aýynda daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaýy hakyndaky görkezijilerine görä, ýaşaýyş jaý satuwy awgust aýynda ýyllyk 50,7 göterim artdy.

Daşary ýurtlylar awgust aýynda Türkiýeden 5 müň 866 jaý satyn aldy.

Daşary ýurtlylar awgust aýynda Stambuldan 2 müň 729, Antalýan 976, Ankaradan 400, Mersinden 242 we Ýalowadan 233 ýaşaýyş jaýyny satyn aldy.

Ýanwar-awgust aýlarynda daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaý satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilen 47,6 göterim artyp 30 müň 849-a ýetdi.



Degişli Habarlar