Türkiýäniň Tohumlyk Galla Eksporty Artdy

Yraga 777 million dollarlyk, Eýrana 156 million dollarlyk we Germaniýa hem 141 million dollarlyk tohumllyk galla eksport edildi

1695452
Türkiýäniň Tohumlyk Galla Eksporty Artdy

Egeý eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, Türkiýäniň tohumlyk galla eksporty 2020-njy ýylyň ýanwar-iýul aýlaryny öz içine alýan döwürde 4 milliard 60 million dollara barabar bolupdy.

 Şol san üstümizdäki ýylyň 7 aýlyk döwründe 18 göterim artyp 4 milliard 803 million dollara barabar boldy.

Pudak 7 aýlyk döwürde Yraga 777 million dollarlyk, Eýrana 156 million dollarlyk we Germaniýa hem 141 million dollarlyk tohumllyk galla eksport etdi.


Etiketkalar: #eksport , #tohum , #galla

Degişli Habarlar