Türkiýäniň limon eksporty artdy

Türkiýäniň limon eksporty şu ýylyň ilkinji 7 aýynda 59 göterim artyp 147 million 964 müň dollara ýetdi

1689481
Türkiýäniň limon eksporty artdy

Ortaýer deňiz Eksportçylar bileleşiginiň berýän habaryna görä, sitrus ösümliklerinde şu ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda 734 müň 791 tonna eksport amala aşyryldy. Şol wagt aralygynda alynan 382 million dollarlyk girdejä iň köp limon eksporty goşant goşdy. 

Ýanwar-iýul aýlary aralygynda 286 müň 855 tonna limon eksportyndan 147 million 964 müň dollar girdeji alyndy. 

Limon eksporty geçen ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygyna garanyňda 91 göterim, gymmady taýdan bolsa 59 göterim artdy. 

Eksportda limondan soň 141 million 982 müň dollar bilen mandarin, 51 million 229 müň dollar bilen greýpfrut, 40 million 827 müň dollar bilen pyrtykal gelýär. 

Limon iň köp Russiýa, Yrak, Rumyniýa, Ukraina we Serbiýa ýaly ýurtlara amala aşyryldy. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #eksport , #limon

Degişli Habarlar