Ykdysady Ynam Indeksi Artdy

Türkiýäniň Ykdysady ynam indeksi iýul aýynda 2,3 göterim artyp 100,1 göterime ýetdi

1682218
Ykdysady Ynam Indeksi Artdy

Türkiýäniň Statistuka gullugy şu ýylyň iýul aýynyň ykdysady ynam indeksiniň görkezijilerini aýan etdi. 

Şoňa laýyklykda indeks iýun aýynda 97,8 göterim bolan bolsa, iýul aýynda 2,3 göterim artyp 100,1 göterime ýetdi. 

Ykdysady ynam indeskindäki artyş, sarp ediji, önümçilik senagaty, hyzmatlar pudagy, bölekleýin satuw we gurluşyk pudaklarynyň ynam indeksleriniň artmagyndan gözbaş aldy. 

Önümçilik senagat pudagynyň ynam indeksi iýul aýynda aýlyk görkezijilere görä 2,1 göterim artyp 112,1 göterime barabar boldy, hyzmatlar pudagynyň ynam indeksi 5,8 göterim artyp 114,8 göterime barabar boldy, bölekleýin satuw pudagynyň ynam indeksi 3,7 göterim artyp 109,6 göterime barabar boldy, gurluşyk pudagynyň ynam indeksi bolsa 4,7 göterim artyp 86,3 göterime barabar boldy. 



Degişli Habarlar