THÝ 1223 Uçar Sapary Bilen Ýewropada Ikinji Orny Eýeledi

THÝ günde 1323 uçar sapary bilen sanawda ikinji orny eýeledi.

1681631
THÝ 1223 Uçar Sapary Bilen Ýewropada Ikinji Orny Eýeledi

Türk Howa Ýollary bir günde guralan 1324 uçar sapary bilen Ýewropada iň köp uçar saparyny guran ikinji howa ýoly firmasy boldy.

Ýewropa Howa gatnawy gullugynyň iýul aýynyň 19-25-i aralygynda guralan uçar saparlary hakyndaky görkezijisine görä, Ýewropada ady agzalýan günlerde jemi 166 müň 538 uçar sapary guraldy.

Irlandiýanyň howa ýoly firmasy Ryanair günde 2 müň 191 uçar sapary bilen Ýewropada iň köp uçar saparyny guran howa ýoly firmasy boldy.

THÝ günde 1323 uçar sapary bilen sanawda ikinji orny eýeledi.

Easyžet howa ýoly firmasy hem 1022 uçar sapary bilen üçünji orny eýeledi.


Etiketkalar: #uçar saparlary , #THÝ

Degişli Habarlar