THÝ 1144 Uçar Sapary Bilen Ýewropada Iň Köp Uçar Saparyny Guran Ikinji Howy Ýoly Firmasy Boldy

Pegasus günde 493 uçar sapary bilen sanawda sekinji orny eýeledi.

1672254
THÝ 1144 Uçar Sapary Bilen Ýewropada Iň Köp Uçar Saparyny Guran Ikinji Howy Ýoly Firmasy Boldy

Türk Howa Ýollary, günde 1144 uçar sapary bilen Ýewropada iň köp uçar saparyny guran ikinji howy ýoly firmasy boldy.

Ýewropa Howa gatnawy gullugynyň 7-nji iýunda guralan uçar saparlary hakyndaky görkezijilerine görä, sanjymlama tapgyrynyň depgininiň güýçlenmegi bilen birlikde uçar saparlarynyň sany artmaga dowam edýär.

Koronawirus sebäpli girizilen çäklendirmeleriň bes edilmegi bilen birlikde İrlandiýanyň howa ýoly firmasy Ryanair günde 1655 uçar sapary bilen Ýewropada iň köp uçan saparyny guran howa ýoly firmasy boldy.

THÝ günde 1144 uçar sapary bilen sanawda ikinji orny eýeledi.

804 uçar sapary bilen Air Frans üçünji orny eýeledi.

Pegasus günde 493 uçar sapary bilen sanawda sekinji orny eýeledi.


Etiketkalar: #uçar saparlary , #THÝ

Degişli Habarlar