Warank: "Türkiýäniň ykdysadyýeti ýylyň 2-nji çärýeginde has hem öser" diýdi

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, deslapky görkezijileriň 2021-nji ýylyň 2-nji çärýeginde Türkiýäniň ykdysadyýetinde has uly ösüşiň boljakdygyny görkezýändigini habar berdi

1669560
Warank: "Türkiýäniň ykdysadyýeti ýylyň 2-nji çärýeginde has hem öser" diýdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Edirne welaýatynda beren beýanatynda, Türkiýe hökmünde Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň liderlik etmeginde saglygy goraýyşyň we ykdysadyýetiň arasynda netijeli deňagramlylygy ýola goýup, täsirli syýasatlar durmuşa geçirýändigini belläp: "Şolaryň saýasynda dünýäniň ykdsadyýetinde uly gysylmalar başdan geçirilýärkä Türkiýäniň ykdysadyýeti koronawirus epidemiýasy ýylynda hem ösmegiň hötdesinden geldi. 2021-nji ýylyň ilkinji çärýegine ser salanymyzda bolsa 7 göterimlik uly ösüşi görüp bileris. Deslapky görkezijiler 2021-nji ýylyň 2-nji çärýeginde Türkiýäniň ykdysadyýetinde has uly ösüşiň boljakdygyny görkezýär" diýip mälim etdi. 

Warank: "Iýun aýynda eksportymyz geçen ýylyň iýun aýyna garanyňda 47 göterim artyp, 19,8 milliard dollar boldy. Ýylyň ilkinji 6 aýyndaky jemi eksportymyz bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 40 göterimlik artyş bilen 105 milliard dollara ýetdi. Bu görkezijiler Respublika taryhynyň iň ýokary görkezijili eksporty hökmünde hasaba alyndy" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar