Türkiýäniň Ter Gök we Miwe Önümleriniň Eksporty Maý Aýynda 200 Million Dollardan Geçdi

Ortaýer deňizi Ter gök we miwe eksportçylar bileleşiginiň başlygy Nežat Sin, täze bazarlarda rekord goýandyklaryny belledi.

1662961
Türkiýäniň Ter Gök we Miwe Önümleriniň Eksporty Maý Aýynda 200 Million Dollardan Geçdi

Türkiýäniň ter gök we miwe önümleriniň eksporty maý aýynda 27 göterim artyp 200 million dollardan geçdi.

Ortaýer deňizi Ter gök we miwe eksportçylar bileleşiginiň başlygy Nežat Sin, täze bazarlarda rekord goýandyklaryny belledi.

Nežat Sin “Maý aýynda esasy bazarymyz ýene Russiýa, Ruminiýa, Yrak, Germaniýa we Ukraina boldy. Günorta Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna hem ter gök we miwe önümlerini eksport etdik. Maý aýynda eksport sanawynda Hindistan esasy orun eýeledi. Hindistana geçen ýylyň maý aýynda diňe 38 müň 192 dollarlyk eksport edilen bolsa şol san üstümizdäki ýylyň maý aýynda 4 million 679 müň dollara çenli baryp ýetdi” diýdi.



Degişli Habarlar