Agryda 20 Tonna Altyn we 3,5 Tonna Kümüş Tapyldy

Ministr Warank, Koza Altyn önümçiligi kärhanasynyň Agry Mollakaradaky desgasynyň gurluşygyna badalga berdi

1655653
Agryda 20 Tonna Altyn we 3,5 Tonna Kümüş Tapyldy

Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank, Agry Mollakarada gymmaty 1,2 milliard dollar bolan 20 tonna altyn bilen gymmaty 2,8 milliard dollara barabar bolan 3,5 tonna kümüş ätiýajynyň tapylandygyny mälim etdi.

Ministr Warank, Koza Altyn önümçiligi kärhanasynyň Agry Mollakaradaky desgasynyň gurluşygyna badalga berdi.

Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank, dabarada eden çykyşynda160 million dollarlyk maýa goýum bilen guruljak desganyň Agry welaýatynyň galkynyşynda we altyn önümçiligi meselesinde uly rol oýnajakdygyny we Türkiýäniň güýjüne güýç goşjakdygyny belledi.

Şu günki günde Türkiýäniň dünýäniň altyn öndüriji ýurtlarynyň hatarynda esasy orun eýeleýändigini nygtan Warank, geçen ýyl täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garamazdan 42 tonna altynyň öndürlendigini belledi.



Degişli Habarlar