39 Ýurda Lasos Balygy Eksport Edildi

Eksport sanawynda Russiýa, Germaniýa we Wietnam esasy orun eýeledi.

1655052
39 Ýurda Lasos Balygy Eksport Edildi

 

Türkiýeden ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde 39 ýurda lasos balygy eksport edildi.

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, üstümizdäki ýylyň  5 aýlyk döwründe 22 müň 728 tona Garadeňiz lasosy eksport edilip 113 million 510 müň 943 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Eksport sanawynda Russiýa, Germaniýa we Wietnam esasy orun eýeledi.

Ady agzalýan döwürde Russiýa 14 müň 4 tonna  lasos balygy esport edilip 68 million 289 müň 366 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Russiýadan soň eksport sanawynda 26 million 552 müň dollar bilen Germaniýa ikinji, 4 million 97 müň dollar bilen Wiýetnem üçünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar