Sabiha Gökçen Howa Menzilinden 5 Aýda 6,5 Milliondan Gowrak Ýolagçy Uçdy

5 aýlyk döwründe howa menzilinden jemi 50 müň 794 uçar sapary guraldy

1654198
Sabiha Gökçen Howa Menzilinden 5 Aýda 6,5 Milliondan Gowrak Ýolagçy Uçdy

Halkara Sabiha Gökçen howa menzilinden üstümizdäki ýylyň 5 aýlyk döwründe 6,5 milliondan gowrak ýolagçy uçdy.

4,6 million ýolagçy 2021-nji ýylyň ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde howa menzilinden amala aşyrlan içerki uçuşlardan uçdy.

2 million ýolagçy hem howa menzilinden daşary ýurda uçdy.

Maý aýynda howa menzilinden uçan ýolagçylaryň sany bolsa 1,1 million adama ýetdi.

Üstümizdäki ýylyň 5 aýlyk döwründe howa menzilinden jemi 50 müň 794 uçar sapary guraldy.

Uçar saparlary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9 göterim artdy.



Degişli Habarlar