Türkiýäniň Suw Önümleriniň Eksporty 1 Milliard 63 Million Dollara Barabar Boldy

Geçen ýyl 100-e golaý ýurda suw önümleri eksport edildi

1653011
Türkiýäniň Suw Önümleriniň Eksporty 1 Milliard 63 Million Dollara Barabar Boldy

 

Türkiýäniň suw önümleriniň eksporty geçen ýyl 1 milliard 63 million dollara barabar boldy.

Oba we tokaý hojalygy ministri Bekir Pakdemirli 2020-njy ýylyň suw önümleriniň eksporty hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Ministr Pakdemirli täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň oňaýsyz şertlerine garamazdan 2020-njy ýylda suw önümleriniň eksportynyň 1 milliard 63 million dollara barabar bolandygyny belledi.

Pakdemirli geçen ýyl 100-e golaý ýurda suw önümleriniň eksport edilendigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar