Türkiýe bilen DKTR-nyň arasynda protokola gol çekişildi

Çykyşylardan soň protokola Türkiýäniň adyndan Mehmet Muş, DKTR-nyň adyndan bolsa Erhan Arykly gol çekdi

1651521
Türkiýe bilen DKTR-nyň arasynda protokola gol çekişildi

Türkiýe Respublikasynyň hökümeti bilen Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) hökümetiniň arasynda söwdanyň we ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly protokola gol çekişildi. 

DKTR-daky protokol dabarasyna gatnaşan Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş: "Iki ýurdyň arasynda doganlyk we medeni gatnaşyklaryň söwda we ykdysady gatnaşyklarymyzda hem öz beýanyny tapmagy üçin elimizden gelenini edýäris, mundan soň hem işlemäge dowam ederis" diýip belledi.

Mehmet Muş, maksatlarynyň DKTR-nyň sosial we ykdysady taýdan galkynyşynyň öňüni açmakdygyny beýan etdi. 

DKTR-nyň Wise-premýeri, Ykdysadyýet we Energetika ministri Erhan Arykly bolsa eýýäm ençeme wagt üstünde işleýän meseleleriň miwelerini almak maksady bilen ýygnanandyklaryny belläp, Türkiýede we DKTR-da bu meseläniň ugrunda zähmet çeken ähli adamlara minnetdarlyk bildirdi.  

Çykyşylardan soň protokola Türkiýäniň adyndan Mehmet Muş, DKTR-nyň adyndan bolsa Erhan Arykly gol çekdi. 

Ondan soň bolsa DKTR-nyň işewür adamlary bilen tegelek stol görnüşinde maslahat geçirildi. 



Degişli Habarlar