Türkiýäniň Şaý-Sep Eksporty 1 Milliard 380 Million Dollara Barabar Boldy

Eksportda 229 million 603 müň dollar bilen ABŞ esasy orun eýeledi.

1638079
Türkiýäniň Şaý-Sep Eksporty 1 Milliard 380 Million Dollara Barabar Boldy

Türkiýäniň şaý-sep eksporty üstümizdäki ýylyň 4 aýlyk döwründe geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 32,8 göterim artyp 1 milliard 380 million dollara barabar boldy.

Söwda ministrligi bilen Türkiýäniň Eksportçylar bileleşiginiň görkezijilerine görä, şaý-sep eksporty aprel aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 109 göterim artyp 18,8 milliard dollara barabar boldy.

Şaý-sep eksporty ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde 68,8 milliard dollara barabar boldy.

Türkiýäniň 4 aýlyk eksporty bolsa 32,8 göterim artyp 1 milliard 380 million dollara barabar boldy.

Eksportda 229 million 603 müň dollar bilen ABŞ esasy orun eýeledi.

ABŞ-dan soň 185 million 354 dollar bilen Birleşen Arap Emirlikleri, 119 million 672 müň dollar bilen Gongkong ünsleri özüne çekdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Gongkong , #eksport , #şaý-sep

Degişli Habarlar