Aprel aýynda ähli wagtlaryň iň ýokary derejeli eksport görkezijilerine ýetildi

Söwda ministri Mehmet Muş, eksportyň importa bolan gatnaşygynyň bolsa aprel aýynda 19,5 göterimlik artyş bilen 85,7 göterime ýokarlandygyny aýan etdi

1632893
Aprel aýynda ähli wagtlaryň iň ýokary derejeli eksport görkezijilerine ýetildi

Türkiýäniň Söwda ministri Mehmet Muş, paýtagt Ankara şäherinde beren beýanatynda: "Aprel aýynda eksportymyz 109 göterimlik artyş bilen 18,8 milliard dollara ýetdi. Bu ähli wagtlaryň aprel aýynyň iň ýokary derejeli eksport görkezijisidir" diýip habar berdi. 

Pandemiýadan ozalky ýyl bolan 2019-njy ýyla garanyňda eksportyň aprel aýynda 22,3 göterim artandygyny we eksportyň pandemiýadan ozalky görkezijilerinden hem ýokarydygyny aýdan Mehmet Muş, aprel aýynda daşary söwda ýetmezçiliginiň geçen ýylyň aprel aýyna garanyňda 31,9 göterim azalyp, 4,6 milliard dollardan 3,1 milliard dollara çenli azalandygyny mälim etdi. 

Söwda ministri Mehmet Muş, eksportyň importa bolan gatnaşygynyň bolsa aprel aýynda 19,5 göterimlik artyş bilen 85,7 göterime ýokarlandygyny aýan etdi. 



Degişli Habarlar