Suzuki Hindistandaky Önümçiligini Bes Eder

Bu karar kislorod ýetmezçiligi sebäpli kabul edildi

1631536
Suzuki Hindistandaky Önümçiligini Bes Eder

Ýapon awtoulag we motosikl kompaniýasy “Suzuki” koronawirus pandemiýasy sebäpli senagat pudagynda peýdalanylýan kislorod ýetmezçiligi netijesinde ätiýaç şaý üpjünçiliginiň ýüze çykmagy sebäpli Hindistandaky desgalarynda önümçiligi bes eder.

“NHK” gullugynyň habar bermegine görä “Suzuki”, ulag şaýlarynyň öndürilmeginden sarp edilýän kislorodyň ýoklugy sebäpli Hindistandaky önümçiligi duruzar.

“Suzukiniň” maý aýynyň 1-9-y aralygynda ýurtdaky 3 zawodunda önümçiligi bes etmeginiň haýsy modellere täsir ýetjekdigi habar berilmedi.

Hindistanda koronawirusa ýolukýanlaryň sanynyň artmagy senagat pudagynda sarp edilýän kislorod ätiýajynyň lukmançylyk pudagyna berilmegine sebäp boldy. “Suzuki” önümçiligiň gaýtadan başlamagyna Hindistanda koronawirusyň ýokaşma mukdaryna görä karar berer.



Degişli Habarlar