Türkiýe 2020-nji Ýylda 62 Ýurda Çereşniýa Eksport Etdi

Türkiýäniň Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä geçen ýyl ýurtda hem çereşniýa önümçiligi artdy hem-de eksport ýokarlady

1631468
Türkiýe 2020-nji Ýylda 62 Ýurda Çereşniýa Eksport Etdi

Soňky 5 ýyllyk çereşniýa önümçiliginiň mukdarlaryna seredilende 2016-njy ýylda 599,650 tonna barabar bolan çereşniýa önümçiligi, geçen ýyl 2016-njy ýyl bilen deňeşdirilende 20,9 göterim ýokarlap, 724,944 tonna barabar boldy.

Geçen ýyl izmirde 108,495 tonna çereşniýa öndürilen bolsa, Konýada 64,086 tonna, Bursada 55,652 tonna we Manisada 50,934 tonna çereşniýa öndürildi.

Çereşniýa eksporty geçen ýyl öňki ýyl bilen deňeşdirilende 21,7 göterim ýokarlap, 183,835 müň dollardan 223,709 000 dollara barabar boldy.

2020-nji ýylda Türkiýeden 62 ýurda 87,253 tonna eksport edildi. Şol ýurtlaryň hatarynda 90,641 000 dollar bilen Germaniýa birinji orny eýeledi. Russiýa ikinji, Awstriýa bolsa üçünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar