Deňiz Önümleriniň eksporty 1 Milliard Dollardan Geçdi

Türkiýäniň deňiz önümleri eksporty 2020-nji ýylda 1 milliard dollardan geçdi

1629150
Deňiz Önümleriniň eksporty 1 Milliard Dollardan Geçdi

Hasabat guramasynyň görkezijilerine görä balyklar, gabykly jandarlar we suwda ýaşaýan beýleki oňurgasyz jandarlar toparyna girýän deňiz önümlerinde Türkiýäniň eksporty artmaga dowam edýär.

Deňiz önümlerinde 2016-njy ýylda 744,5 milllion dollarlyk eksport edilen bolsa, 2017-nji ýylda 797,2 million dollar, 2018-nji ýylda 879,6 million dollar we 2019-njy ýylda 962,2 million dollarlyk eksport edildi.

Geçen ýyl bolsa pudagyň eksporty 1 milliard dollardan geçdi.

Deňiz önümleriniň eksporty 5 ýyl ozalkysy bilen deňeşdirilende 35,5 görterim ýokarlap, geçen ýyl 1,09 milliad dollara barabar boldy.

Şeýlelikde degişli döwürde jemi deňiz önümleriniň eksporty 4,4 millard dollara deň boldy.

Eskportda esasy orun tutýan ýurtlar Gollandiýa, Russiýa, Italiýa we Gresiýa.



Degişli Habarlar