Türkiýe ýylyň ilkinji 3 aýynda 23 ýurda ançous balygyny eksport etdi

Türkiýe ýylyň ilkinji 3 aýynda dünýäniň 23 ýurdyna 2 million 852 müň 503 dollarlyk ançous balygyny eksport etdi

1622153
Türkiýe ýylyň ilkinji 3 aýynda 23 ýurda ançous balygyny eksport etdi

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen beýanata görä, 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda 558 tonna ançous balygy eksport edildi. 

Şol eksportdan 2 million 852 müň 503 dollar girdeji alyndy. 

Ançous eksportyndan geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende gymmatlygy taýdan 15 göterim artyş hasaba alyndy. 

Türkiýe 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda 23 ýurda eksport amala aşyryp, Fransiýa, Belgiýa we ABŞ sanawyň ilkinji orunlaryny eýelediler. 


Etiketkalar: #dünýä , #eksport , #balyk , #ançous

Degişli Habarlar