Oba hojalyk pudagyndan taryhyň iň ýokary görkezijili ýylyň ilkinji çärýek eksporty

Türkiýäniň Oba hojalyk pudagy taryhyň iň ýokary görkezijili ýylyň ilkinji çärýek eksportyny amala aşyrdy

1615053
Oba hojalyk pudagyndan taryhyň iň ýokary görkezijili ýylyň ilkinji çärýek eksporty

Türkiýäniň eksporty geçen aý 2020-nji ýylyň mart aýyna garanyňda 42,2 göterim artyp 18 milliard 985 million 472 müň dollara, ýylyň ilkinji çärýegindäki eksport görkezijileri bolsa 17,3 göterim artyp 50 milliard 23 million 412 müň dollara ýetdi. 

Türkiýäniň Oba hojalyk pudagynyň eksporty, şu ýylyň ilkinji 3 aýynda geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 10,1 göterim artyp 6 milliard 621 million 84 müň dollara ýetdi. 

Oba hojalyk pudagynyň ýylyň ilkinji çärýeginiň daşary söwda görkezijilerine ser salynanda, 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda, taryhyň iň ýokary görkezijili ýylyň 1-nji çärýek eksporty hökmünde hasaba alyndy. 

Türkiýäniň Oba hojalyk pudagynyň eksporty, ýylyň ilkinji çärýeginde jemi eksportyň 14,7 göterimini emele getirdi. 


Etiketkalar: #eksport , #pudak , #Oba hojalyk

Degişli Habarlar