Fitch Ratings Türkiýe bilen baglanşykly ösüş çaklamalaryny ýokarlandyrdy
Soňky habarnamada Türkiýäniň Hytaý bilen birlikde ösüş eden ykdysadyýetleriň hataryndadygy aýan edilipdi

Halkara kredit derejelendiriş guramasy Fitch Ratings, Türkiýäniň 2021-nji ýyl we 2022-nji ýyl üçin ozal beýan eden ösüş çaklamalaryny ýokarlandyrdy.
Fitch Ratings, "Global Ykdysady Perspektiwa" atly habarnamasynda, Türkiýäniň 2021-nji ýylda 6,7 göterim, 2022-nji ýylda bolsa 4,7 göterim ösüş etmegine garaşylýandygy habar berildi.
Fitch Ratings, 2020-nji ýylyň dekabr aýynda çap eden habarnamasynda bolsa 2021-nji ýylda 3,5 göterim, 2022-nji ýylda bolsa 4,5 göterim ösüş etmegine garaşylýandygyny beýan edipdi.
Soňky habarnamada Türkiýäniň Hytaý bilen birlikde ösüş eden ykdysadyýetleriň hataryndadygy aýan edilipdi.
Degişli Habarlar

10 Aýda 306 Müň 653 Tonna Funduk Eksport Edildi
Funduk eksportyndan 1 milliard 810 million 72 müň 668 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Türkiýäniň Enjam Eksporty Artýar
Türkiýäniň enjam eksporty ýylyň 5 aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 8,3 göterim artdy.