Türkiýeden ýanwar aýynda 31,4 million dollarlyk limon eksport edildi

Geçen ýylyň ýanwar aýynda 30 million 275 müň dollar bolan limon eksporty, şu ýylyň ýanwar aýynda şol görkeziji 31 million 418 müň dollara ýetdi

1586160
Türkiýeden ýanwar aýynda 31,4 million dollarlyk limon eksport edildi

Türkiýäniň 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndaky limon eksporty, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 3,77 göterimlik artyş bilen, 31 million 418 müň dollara ýetdi. 

Ortaýer deňizi Eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen beýanata görä, täze ýylyň ilkinji aýynda sitrus önümleriniň eksportyndan 128 million dollar girdeji alyndy, şol mukdaryň 24,5 göterimini limon eksporty emele getirdi. 

Geçen ýylyň ýanwar aýynda 30 million 275 müň dollar bolan limon eksporty, şu ýylyň ýanwar aýynda şol görkeziji 31 million 418 müň dollara ýetdi.  


Etiketkalar: #Türkiýe , #eksport , #limon

Degişli Habarlar