Türkiýe Awtoulag Önümçilik Desgalary Boýunça Ýewropa Ýurtlaryndan Öňde

Türkiýe öndürýän awtoulaglarynyň ýarysyndan gowragyny eksport edýär

1573602
Türkiýe Awtoulag Önümçilik Desgalary Boýunça Ýewropa Ýurtlaryndan Öňde

Ýewropa materiginiň 25 ýurdunda 2019-njy ýylda 298 awtoulag gurnama we önümçilik desgasy bar bolan bolsa, Türkiýe 17 önümçilik desgasy bilen 18 Ýewropa ýurdundan öňe geçdi.

Öndürilýän awtoulaglaryň ýarysyndan gowragyny eksport edýän türk awtoulag senagaty awtoula satuwlary taýdan hem Ýewropada esasy orun eýeleýär.

Ýewropa materiginde 42 desgasy bilen birinji orny Germaniýa eýeleýär. 31 desga bilen Russiýa we Fransiýa, 30 desga bilen Britaniýa, 23 desga bilen İtaliýa we 17 desga bilen Türkiýe hem-de İspaniýa sanawda orun eýeleýär.

Şeýlelikde Türkiýe 17 desga bilen 18 Ýewropa ýurdundan öne geçip, Ýewropa materiginde bäşinji orny eýeledi.



Degişli Habarlar