Mustafa Warank senagat önümçiliginiň indeksi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, senagat önümçilgi indeksiniň aýan edilen görkezijileri barada beýanat berdi

1563000
Mustafa Warank senagat önümçiliginiň indeksi bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Başdan geçirilen ähli kynçylyklara garamazdan senagat önümçiligimiz ýyllyk görkezijilere görä 11 göterim, aýlyk görkezijilere görä bolsa 1,3 göterimlik artyş bilen bazar çaklamalaryndan ýokary çykdy. Noýabr aýynda senagat önümçiligini iň köp artdyran ýurtlaryň biri boldyk. Maksadymyz önümçilikdäki bu derejäni 2021-nji ýylda dowam etdirmek. Durmuşa geçirmäge taýarlanýan hukuk we ykdysady ugurlaryndaky reformalarymyz we sanjym işlerindäki oňyn özgertmeler bilen 2021-nji ýyl nesip bolsa Türkiýe üçin bir ösüş ýyly bolar" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar