Türkiýäniň Pomidor Eksport 313,4 Million Dollara Ýetdi

Türkiýäniň geçen ýylky pomidor eksport 313,4 million dollardan geçdi

1561306
Türkiýäniň Pomidor Eksport 313,4 Million Dollara Ýetdi

Günorta-gündogar Anadoly Eksportçy bileleşikleriniň görkezijilerine görä 2020-nji ýylda iň esasy bazar bolan Russiýanyň Türkiýeden alan pomidor kwotasyny azaltmagyna we koronawirus pandemiýasynyň bökdençliklerine garamazdan rekord derejede eksport edildi.

Rumyniýa, Ukraina, Belarus, Siriýa, Germaniýa we Polşa ýaly ýurtlara gönügen eksportçylar 51 ýurda pomidor satyp, 313,4 million dollar girdeji aldylar. 2019-njy ýylda 304,4 million dollarlyk pomidor eksport edilipdi.

Geçen ýyl esasy pomidor eksport edilen ýurt 62,2 million dollar bilen Russiýa boldy.

Rumyniýa bolsa öňki ýyl bilen deňeşdirilende eksportda uly artyş edilen ýurt boldy. 2020-nji ýylda Rumyniýa edilen eksport 38 göterim ýokarlap, 50,3 million dollara barabar boldy.

Ukraina we Bolgariýa hem pomidora isleg bildiren esasy ýurtlaryň hatarynda.



Degişli Habarlar