Ançous eksportyndan geçen ýyl 9,7 million dollar girdeji alyndy

Türkiýeden geçen ýyl dünýäniň 28 ýurduna 9 million 681 müň dollarlyk ançous eksport edildi

1560121
Ançous eksportyndan geçen ýyl 9,7 million dollar girdeji alyndy

Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen beýanata görä, Türkiýäniň ançous eksporty, 2020-nji ýylda 2019-njy ýyla garanyňda mukdar taýdan 10,1 göterim artyp, 2 müň 199 tonna amala aşyryldy. 

Ançous eksportyndan 2020-nji ýylda 9 million 691 müň 186 dollarlyk girdeji alyndy. 

Iň köp ançous eksporty bolsa 3 million 497 müň 768 dollar bilen Fransiýa amala aşyryldy. 

Bu ýurtdan soň 3 million 434 müň 984 dollar bilen Belgiýa we 944 müň 961 dollar bilen Germaniýa gelýär. 

Geçen ýyl 2019-njy ýyl bilen tapawutlylykda Gresiýa, Ysraýyl, Russiýa, Bolgariýa, Kuweýt, Gazagystan, Singapur we Gonkonga hem ançous eksport edildi. 


Etiketkalar: #eksport , #ançous

Degişli Habarlar