Bütindünýä Banky Türkiýäniň ykdysadyýeti bilen bagly beýanat berdi

Bütindünýä Banky Türkiýäniň ykdysadyýetiniň 2020-nji ýylda 0,5 göterim ösüş etjekdigini çaklady

1558188
Bütindünýä Banky Türkiýäniň ykdysadyýeti bilen bagly beýanat berdi

Bütindünýä Banky, Global ykdysady çaklamalar habarnamasynyň 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndaky sanyny çap etdi.  

Habarnamada, koronawirus epidemiýasy sebäpli global ykdysadyýetiň 2020-nji ýylda 4,3 göterim peselmegine, 2021-nji ýylda 4 göterim ösüş etmegine we 2022-nji ýylda bolsa 3,8 göterim ösüş etmegine garaşylýandygy mälim edildi. 

Dünýäniň ençeme ýurdunyň ykdysadyýetiniň 2020-nji ýylda peseljekdigi çak edilen habarnamada, Türkiýe, Hytaý, Müsür we Bangladeş ýaly ýurtlaryň bolsa ösüş etjek ýurtlaryň hataryndadygy aýan edildi. 

Habarnamada Türkiýäniň ykdysadyýetiniň ösüşi bilen bagly çaklamalar 2020-nji ýyl üçin 0,5 göterim, 2021-nji ýyl üçin 4,5 göterim we 2022-nji ýyl üçin bolsa 5 göterim hökmünde kesgitlendi. 



Degişli Habarlar