Milli Awtoulagda Ýerlilik Mukdary 68 Göterime Ýeter

Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warank ýerli awtoulagda dünýäde bäsleşikçi häsýete eýe iňňän möhüm taslamany iş ýüzüne geçirendiklerini aýtdy

1529885
Milli Awtoulagda Ýerlilik Mukdary 68 Göterime Ýeter

Ministr Warank: “Bu ulaglar 2022-nji ýylyň ahyrynda ýola düşende, ýerlilik mukdary 51 göterim bolar. 2026-njy ýylda ýerlilik mukdary 68 göterime ýeter” diýdi.

“Garaşsyz Senagatçy we Işewür Adamlary Jemgyýetiniň Expo-2020 Söwda Sergisi” Stambulyň “Tüýap Sergi we Maslahatlar Merkezinde” açyldy.

Serginiň açylyşynda çykyş eden Warank, Türkiýäniň Awtoulagy taslamasynyň awtoulag öndürmekden has uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Türkiýäniň senagat taýdan ösen ýurtlara garalanda koronawirus epidemiýasyna garşy has üstünlikli göreşendigini beýan eden Warank: “Raýatlarymyzyň saglygy bilen bilelikde ykdysady şertlere hem ünsli çemeleşýäris. İş üpjünçiligi, maliýe elýeterliligi we sosial kömek syýasatlarymyz bilen jemgyýetin ýas ähli gatlaklaryny goldadyk” diýdi.

Ministr Mustafa Warank önümçilik senagatynda önjeýlilikden peýdalanmagyň, islegleriň kanagatlandyrmagyň we eksportyň ýokary depgine eýedigini beýan etdi.

 



Degişli Habarlar