HPG 2020-nji Ýylda 83 Ýurda 165 Milliard Dollarlyk Goldaw Berdi

Halkara pul gaznasy 2020-nji ýyla degişli Ýyllyk habarnamasyny “Görülmedik ýyl” söz başysy bilen çap etdi

1529091
HPG 2020-nji Ýylda 83 Ýurda 165 Milliard Dollarlyk Goldaw Berdi

Habarnamada global ykdysadyýetiň täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň täsiri bilen çuňňur ressesiýa howpyna sezewardygy ýatladylýar.

Ykdysady görnüş boýunça näbelligiň bardygyna üns çekilýän habarnamada ykdysady durgunlyk, işsizlik, howa çalşygy, tehnologiýa we awtomasiýa, digital pul birlikleriniň hümmetiniň artmagy, artýan deňsizlik we karz bilen dünýäniň ähli künjeklerinde adamyň durmuşynda uly özgerlişikleriň başdan geçirilendigi beýan edilýär.

Habarnamada hökümetleriň epidemiýanyň ýetirýän zyýanyna garşy ykdysadyýeti goldamak üçin “bagyrgaý” başlangyçlar edendigi ýatladylyp, 12 trillion dollara barabar maliýe we 7,5 trillion dollarlyk pul operasiýasynyň iş ýüzüne geçirilendigi nygtalýar.

Dünýäniň başdan geçirýän çökgünligine garşy HPG-nin gören çäreleri hakynda-da durlup geçilýän habarnamada, HPG-niň 2020-nji maliýe ýylynda az girdejili 49 ýurda 16,1 milliard dollarlyk ýeňilleşdirilen maliýe kömegi bilen birlikde 83 ýurda 165 milliard dollarlyk maliýe goldawynyň berilendigi mälim edilýär.

Habarnamada 129 ýurduň bolsa ykdysady gözgçiliginiň tamamlanandygy beýan edilýär.



Degişli Habarlar