Dünýädäki iň gymmat poçta gögerçini

Belgiýada geçirilen auksionda dünýäniň iň gymmat poçta gögerçini 1,6 million ýewro satyldy

1528933
Dünýädäki iň gymmat poçta gögerçini

Belgiýanyň Pipa Gögerçin merkezi, internediň üsti bilen geçiren auksionynda, "New Kim" atly 2 ýaşly poçta gögerçiniň rekord derejä satylandygyny habar berdi. 

Gögerçin ýetişdirýän Hok Wan de Wouwere degişli 445 gögerçiniň satuwa çykarylandygy mälim edilen beýanatda, auksionda Hytaýly alyjylaryň "New Kim" üçin 1,6 million ýewro, "Mother New Kim" üçin 400 müň ýewro, "Palme Kim" üçin 204 müň ýewro, "Kimi" üçin 180 müň ýewro pul berendikleri aýan edildi. 

Beýanatda auksionda 157 gögerçin üçin 4 million 770 müň 850 ýewro berilendigi habar berildi. 

Belgiýada 2019-njy ýylda "Armando" atly gögerçini 1 million 252 müň ýewro Hytaýly biri satyn alypdy. 

Uzak aralykly ýaryşlarda çempion bolan 5 ýaşyndaky poçta gögerçini "Armando", şol mahal dünýäniň iň gymmat gögerçinidi. 



Degişli Habarlar