Fransiýanyň soňky Şa aýaly Mariýa Antuanettanyň aýakgaby rekord derejä satyldy

Fransiýanyň soňky Şa aýaly Mariýa Antuanettanyň aýakgaby rekord derejä, ýagny 43 müň 750 ýewro satyldy

1528651
Fransiýanyň soňky Şa aýaly Mariýa Antuanettanyň aýakgaby rekord derejä satyldy

Wersaý şäherindäki Osenat muzeýinde Fransiýanyň soňky Şa aýaly Mariýa Antuanetta degişlidigi aýdylýan, ýüpek we geçiniň derisi garyşdyrylyp ýasalan, aýakgabyň dabany deri bolan ak aýakgap, auksiona çykaryldy.  

Aýakgabyň dabanynyň uzynlygy 4,7 sm we 36 belgä gabat gelýän 22,5 sm uzynlygyndaky aýakgap, 43 müň 750 ýewro satyldy. 

Aýakgabyň Şa aýalyň baş hyzmatkäri Madame Kampanyň Prewoisindäki ýakyn jorasy Marie-Emilie Lesşewin we onuň agtyklary tarapyndan gizlenip, şu günki güne çenli ýetirilendigi aýan edildi. 

Fransiýanyň Şasy XVI Luisiň aýaly bolan Mariýa Antuanetta şöhratly durmuşy we ölümi bilen Franuz rewolýusiýasynyň iň ýatdan çykmajak şahsyýetleriniň biri hasaplanýar. 

Fransuz rewolýusiýasynda 1793-nji ýylda 37 ýaşynda mahaly paýtagt Parižiň simwollaryndan biri bolan Konkord meýdançasynda gilotin bilen öldürilen Mariýa Antuanettanyň durmuşy köp sanda filmde sahnalaşdyryldy we köp kitaplar ýazyldy. 



Degişli Habarlar