Warank: "Ykdysady syýasatymyz arakesmesiz dowam eder" diýdi

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Türkiýäniň tutanýerli, netijelere gönükdirilen we durnuklylyga esaslanýan ykdysady syýasatynyň arakesmesiz dowam etjekdigini habar berdi

1524543
Warank: "Ykdysady syýasatymyz arakesmesiz dowam eder" diýdi

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Saha Ekspo onlaýn sergisine gatnaşyp beren beýanatynda: "Maýa goýum mümkinçiliklerini has güýçlendirmek üçin döwlet we hususy pudakdaky gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlyklarymyzy dowam ederis" diýip belledi. 

Ministr Warank: "Maýa goýum mümkinçiliklerini gowulaşdyrmak geňeşi bilen gatnaşyklarymyz has hem artar, Türkiýäniň howpsyz menzildigini bütin dünýä ýene-de bir gezek subut ederis" diýip nygtady. 

Ministr Warank: "Prezidentimiziň öňbaşçylyk etmeginde Türkiýäniň tutanýerli, netijelere gönükdirilen we durnuklylyga esaslanýan ykdysady syýasaty arakesmesiz dowam eder" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar