Türkiýä 9 aýda 12 million syýahatçy geldi

Türkiýä ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda iň köp syýahatçy ugradan ýurt 1 million 421 müň 428 adam bilen Russiýa boldy

1518992
Türkiýä 9 aýda 12 million syýahatçy geldi

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Türkiýä 9 million 458 müň 589 adaşary ýurtly syýahatçy geldi.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatylyk ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä, daşary ýurtda ýaşap Türkiýä gelen türk raýatlaryň sany bolsa 2 million 451 müň 749 adam hökmünde hasaba alyndy. 

Ýylyň ilkinji 9 aýynda syýahatçylaryň sany 11 million 910 mň 338 adama ýetdi. 

Türkiýä ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda iň köp syýahatçy ugradan ýurt 1 million 421 müň 428 adam bilen Russiýa boldy. 

Şol wagt aralygynda Germaniýadan 912 müň 749 adam, Ukrainadan bolsa 772 müň 851 adam geldi. 


Etiketkalar: #syýahatçy , #Türkiýe

Degişli Habarlar