"Global kärhanalaryň Türkiýe ýaly hyzmatdaşlara mätäçligi bar"

Türkiýäniň Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak: "Global kärhanalaryň Türkiýe ýaly hyzmatdaşlara mätäçligi bar" diýdi

1516919
"Global kärhanalaryň Türkiýe ýaly hyzmatdaşlara mätäçligi bar"

Halkara maýadarlar bilen wideo konferensiýa arkaly duşuşyk geçiren Berat Albaýrak: "Ençeme köp milletli kärhanalar önümçiliklerini Aziýadan sebitimize geçirmäge başladylar" diýip habar berdi. 

Berat Albaýrak, bu zamanada global kärhanalaryň Türkiýe ýaly daşary ýurt kärhanalaryna bitarap, tolgunmalara çydamly, ynamly, işjeň hyzmatdaşlara mätäçliginiň bardygyny belledi. 

Berat Albaýrak: "Türkiýe maýadarlara güýçli önümçilik bazasy, bilimli adam çeşmesi, strategik ýerleşişi we logistiki infrastrukturasy bilen deňi taýy bolmadyk mümkinçilikler hödürleýär" diýip mälim etdi. 

Ministr Albaýrak, Türkiýäniň iň güýçli taraplarynyň: ligistik taýdan artykmaçlygy, 3 materigiň birleşýän nokadynda ýerleşmegi, ýaş ilaty we ylymly iş güýjüdigini nygtady. 

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak: "Türkiýe, çalt ykdysady ösüşi, soňky 20 ýylda 3 esse artan Jemi içerki önümi, satyn alma güýji barha artýan ilatyň orta synpy bilen güýçli we uly bir bazar" diýip belledi. 

Berat Albaýrak, Türkiýäniň Işlemek ýeňilligi indeksinde tiz depginler bilen ösmek bilen birlikde, daşary ýurt maýadarlar üçin hem örän köp ýeňillikler döredýändigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar