Limon Eksporty 81 Göterim Ýokarlady

Türkiýäniň sentýabr aýyndaky limon eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä mukdar taýdan 81, nyrh taýdan bolsa 107 göterim ýokarlady

1513233
Limon Eksporty 81 Göterim Ýokarlady

Akdeniz eksportçylar bileleşikleri bileşmesinin görkezijilerine gröä geçen ýylyň sentýabr aýynda 27 müň tonna limon eksport edilen bolsa, şu ýylyň degişli aýynda 81 göterimlik ösüş edilip, 49 müň tonna limon eksport edildi.

Degişli döwürde geçen ýyl 14 million  dollara barabar girdeji alynan bolsa, şu ýyl 107 göterim artyş edilip, 29 million dollarlyk eksport amala aşyryldy.

Limon eksportynda birinji orny Yrak eýeleýär.

Yrakdan soň nobaty bilen: Polşa, Russiýa Federasiýasy, Rumyniýa we Serbiýa durýar.

Sentýabr aýynda ÝB-ne agza ýurtlara edilen limon eksportyndaky ýokarlama ünsleri çekýär.

Şol çäkde esasan Italiýa, Britaniýa, Gollandiýa, Polşa we Germaniýa limon eksport edili.



Degişli Habarlar