Rizeden 9 Aýda 6,4 Million Dollarlyk Çaý Eksport Edildi

Ýylyň 9 aýlyk döwründe Rizeden 29 ýurda 6 million 428,49 dollarlyk eksport edildi

1511754
Rizeden 9 Aýda 6,4 Million Dollarlyk Çaý Eksport Edildi

Gündogar Garadeňiz Eksportçylar Bileleşiginiň görkezijilerine görä Türkiýeden ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň aralygynda 3,109 tonna çaý eksport edilip, 12,182,162 dollar girdeji alyndy.

Ýurt boýunça çaý eksportunyň mukdar taýdan 65 göterimi, girdeji taýdan 53 göterimi merkezi Rize şäherinde ýerleşýän firmalar tarapyndan amala aşyryldy.

Rizeden degişli döwürde 29 ýurda 2,023 tonna çaý eksport edilip, 6,48 million dollar girdeji alyndy.

Belgiýa, ABŞ we Saud Arabystany eksportda esasy orun eýelän ýurtlar boldy.

Geçen ýylyň 9 aýlyk döwründen tapawutlylykda Şweýsariýa, Katara, Bolgariýa, Iordaniýa, Ýaponiýa, Panama, Malta, Demirgazyk Makedoniýa Respublikasyna, Täjigistana we Taýwana hem çaý eksport edildi.



Degişli Habarlar