Eksportda nar berekedi

Türkiýe 2019-njy ýylda nar eksportyndan 98 million dollar girdeji aldy

1508154
Eksportda nar berekedi

Egeý Eksportçylar bileleşigi tarapyndan berilen beýanata görä, şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda ýerine ýetirilen eksport, geçen ýylyň şol döwür aralygynda ýerine ýetirilen eksporta garanyňda 37  göterim artyp, 43 million 456 müň dollardan 59 million 402 müň dollara ýetdi. 

Nar eksporty boýunça sanawyň ilkinji ornunda 20 million 243 müň dollar bilen Russiýa eýeleýär. Russiýa ýerine ýetirilen eksport ýylyň 9 aýynda 78 göterim artdy. 

Sanawyň ikinji ornunda 12 million 771 müň dollar bilen Yrak bar bolsa, 3-nji ornuny 4 million 870 müň dollar bilen Germaniýa eýeleýär. 


Etiketkalar: #eksport , #nar , #Türkiýe

Degişli Habarlar