Senagat Önümçiliginiň Indeksi 3,4 Göterim Ýokarlady

Türkiýäniň Hasabat guramasy senagat önümçiliginiň indeksiniň awgust aýyna degişli görkezijilerine çap etdi

1508029
Senagat Önümçiliginiň Indeksi 3,4 Göterim Ýokarlady

Görkezijilere laýyklykda awgust aýynda senagat önümçiligi 2019-njy ýylyň degişli aýyna görä 10,4 göterim ösüş etdi.

Tebigy şertlerden saplanmadyk önümçilik indeksindäki ösüş bolsa 16 göterime barabar boldy.

Senagatyň aşakky pudaklarynda awgust aýynda magdançylyk we daş-kömür känleri pudagynyň indeksi 2019-njy ýylyň degişli aýyna görä 5,2, önümçilik pudagynyň indeksi 11,4 we elektrik, tebigy gaz, bug we yklymlandyryş önümçiligi we üpjün ediş pudaklarynyň indeksi 2,3 göterim ösüş etdi.

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank senagat önümçilik indeksiniň görkezijileri hakynda: “Awgust aýyndaky senagat önümçiligi ýyllyk 10,4 göterim ösüş edip, 2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri iň ýokary depgine eýe boldy” diýdi.

Ministr Warank Twitterden beren habarnamasynda: “Senagatda ýokary depgine eýe bolan ýurtlardan biri biz. Ol 3-nji çärýekde iş üpjünçiligine we ösüş görkezijilerine hem oňyn goşant goşar” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar