Injir eksportyndan 39 million dollar girdeji alyndy

Egeý eksportçylar bileleşigi injir eksporty bilen bagly beýanat berdi

1496582
Injir eksportyndan 39 million dollar girdeji alyndy

Türkiýäniň takmynan 2 aýlyk injir eksportyndan alan girdejisi, geçen ýylyň şol wagt aralygyna garanyňda 12 göterim artyp, 34 million 992 müň dollardan 39 million 306 müň dollara ýetdi. 

Egeý eksportçylar bileleşiginden alynan maglumata görä, Türkiýe injir eksportynyň başlan güni bolan 26-nji iýuldan 15-nji sentýabra çenli daşary söwdasyny, geçen ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 12 göterim artdyryp 34 million 992 müň dollardan 39 million 306 müň dollara ýetirdi. 

Takmynan dünýäniň 50 ýurdunda saçaklary bezeýän injiriň iň köp eksport edilen ýurdy 13 million 456 müň dollar bilen Germaniýa boldy. 

Bu ýurtdan soň 4 million 30 müň dollar bilen Russiýa we 3 million 979 müň dollar bilen Gollandiýa gelýär. 



Degişli Habarlar