Awtoulag Pudagy 68,4 Göterim Ösüş Etdi

Türkiýede awtoulag we ýeňil awtoulag satuwlary ýanwar-awgust aýlarynyň aralygynda 68,4 göterim ýokarlap, 403 müňe barabar boldy

1483553
Awtoulag Pudagy 68,4 Göterim Ösüş Etdi

Üstümizdäki ýylyň 8 aýynda 2019-njy ýylyň degişli döwrüne görä awtoulag satuwlary 64,2 göterim artyp, 317,394, ýeňil ulaglar satuwlary bolsa 86,1 göterim ýokarlap, 85,608 boldy.

Jemi bazarda awgust aýynda 61,533 ulag satyldy. Şol mukdar geçen ýylyň awgust aýynda 26,246  bolan bolsa, ol awtoulag we ýeňil ulag bazarynyň 134,34 göterim ösüş edendigini görkezýär.

Satuwlar awgust aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä bolsa awtoulagda 106 göterim ýokarlap, 44 müň 372-ä, ýeňil ulaglarda bolsa 265 göterim ýokarlap, 17,161-e deň boldy.



Degişli Habarlar