11 aýda 331 müň 65,9 tonna funduk eksport edildi

Funduk eksportundan 2 milliard 226 million dollarlyk girdeji gazanyldy

1466883
11 aýda 331 müň 65,9 tonna funduk eksport edildi

 

Türkiýeden 11 aýda 331 müň 65,9 tonna funduk eksport edilip 2 milliard 226 million dollarlyk girdeji gazanyldy.

Garadeňiz funduk önümleri we eksportçylary bileleşiginden berlen ýazmaça beýanata görä, 2019-2020 eksport möwsüminde ýagny 2019-njy ýylyň sentýabr aýynyň 1-i bilen 2020-njy ýylyň iýul aýynyň 31-i aralygynda 331 müň 65,9 tonna funduk eksport edilip 2 milliard 226 million 50 müň 130 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Türkiýe geçen möwsümde 261 müň 820 tonna funduk eksport edip 1 milliard 544 million 114 müň 395 dollarlyk girdeji gazanypdy.

 


Etiketkalar: #eksport , #funduk

Degişli Habarlar