Hytaýdan ýola çykan otly Türkiýä gelip ýetdi

20-nji iýulda Hytaýdan hereket eden 1 müň 56 metr uzynlygyndaky ägirt uly otly Türkiýä gelip ýetdi

1465585
Hytaýdan ýola çykan otly Türkiýä gelip ýetdi

Transport we infrastruktura ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, düýn Türkiýäniň wagty bilen sagat 09:00-da Izmitiň Köseköý otly duralgasyna ýeten otlynyň ýüküniň düzüminde esasan hem lukmançylyk enjamlary bar. 

50 konteýnerden ybarat, 1 müň 992 tonna agyrlykdaky otly, Baku-Tbilisi-Kars otly liniýasyndan geçen, iň uzyn import otlusy aýratynlygyna eýe boldy. 

Otlynyň düzüminde şeýle hem Germaniýa we Italiýa gitjek 4 sany aýratyn konteýner bar. 


Etiketkalar: #Izmit , #Hytaý , #ýük , #otly

Degişli Habarlar