Garadeňiz Sebitinde Öndürilen Ýaraglar 21 Ýurtda Eksport Edildi

Ýarag eksport geçen ýyl bilen deňeşdirilende 83 göterim artdy

1464702
Garadeňiz Sebitinde Öndürilen Ýaraglar 21 Ýurtda Eksport Edildi

Trabzon, Artwin, Giresun, Gümüşhabe, Ordu we Rize welaýatlaryndan 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda 21 ýurda 8,7 million dollarlyk sapanja, aw tüpeňi we ätiýaç şaý eksport edildi.

Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda ABŞ-na, Kanada, Günorta Afrika, Azerbaýjana, Burkino Faso, İtaliýa, Braziliýa, Russiýa Federasiýasyna, Nigere, Kuweýde, PAkistana, Täze Zelendiýa, Gruziýa, Bolgariýa, Çilä, Bangladeşe, Madagaskara, Filippine, Kosowa, Mozambige we Malaýziýa eksport edildi.

İň eksport edilen üç ýurt 7,5 million dollar bilen ABŞ, 400 müň dollar bilen Kanada, 119,5 müň dollar bilen Günorta Afrika Respublikasy.

Eksportda mukdar taýdan Bangladeş birinji orunda, ABŞ ikinji orunda, Niger bolsa üçünji orunda durýar.

Şeýlelikde sebitden edilen 8,7 million dollarlyk sapanja, aw tüpeňi we ätiýaç şaý eksportda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 83 göterim artyş boldy.



Degişli Habarlar