Ykdysady Ynam İndeksi Ýokarlady

Türkiýäniň ynam indeksi iýul aýynda 11,8 göterim ýokarlap, 82,2 göterime barabar boldy

1464652
Ykdysady Ynam İndeksi Ýokarlady

Türkiýäniň Hasabat Guramasy iýul aýyna degişli ykdysady ynam indeksiniň görkezijilerini çap etdi.

Real pudagyň ynam indeksi aýlyk mukdarda 10,7 göterim ýokarlap 99,4, hyzmatlar pudagynyň ynam indeksi 20,2 göterim ýokarlap 66,7, ownuk söwda pudagynyň ynam indeksi 9,6 göterim ýokarlap 94,6, gurluşyk pudagynyň ynam indeksi 11,6 göterim ýokarlap 87 göterime barabar boldy

Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak Twitter hasabyndan ykdysady ynam indeksiniň ýokarlamagy hakynda: “Ykedysady ynam indeksi iýun aýynda 73,5 göterim bolan bolsa, iýul aýynda 11,8 göterim ýokarlap 82,2 göterime deň boldy. Täze kadalaşmada Türkiýäniň göýjüni ýene-de bir gezek jebislik we agzybirlik bilen görkezeris” diýip, ýazdy.



Degişli Habarlar