Britaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklary güýçlenýär

Britaniýanyň Söwda ministri Liz Truss gepleşikler bilen bagly beýanat berdi

1443514
Britaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda gatnaşyklary güýçlenýär

Britaniýanyň Söwda ministri Liz Truss, ýurdunyň Türkiýe bilen dowam etdirýän söwda ylalaşygy bilen bagly  gepleşiklerinde öňe gidişlikleriň edilendigini habar berdi. 

 

Liz Truss, Twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Britaniýanyň we Türkiýäniň arasyndaky söwda ylalaşygy bien bagly gepleşiklerde öňe gidişlikleriň edilmegini görmek ajaýyp" diýip belledi. 

Iki ýurdyň arasynda häzirki wagtda 19 milliard sterlinlig güýçli bir söwda gatnaşygynyň bardygyny aýdan Truss: "Breksitiň ahyrynda Britaniýa bilen Türkiýäniň arasynda bir söwda ylalaşygyny baglaşmak üçin köp tagalla edýäris" diýip habar berdi. 

Britaniýa 2026-njy ýylda geçirilen referendumda ÝB-niň düzüminden çykmak barada karar kabul edipdi we 3 ýyl dowam eden gepleşiklerden soň 31-nji ýanwarda ÝB-den resmi ýagdaýda çykypdy.

 


Etiketkalar: #Türkiýe , #ÝB , #Britaniýa

Degişli Habarlar