Türkiýäniň 5 aýlyk çaý eksporty 6 million 379 müň 810 dollara barabar boldy

Çaý eksportunda Belgiýa, Germaniýa we DKTR esasy orun eýeleýär

1436526
Türkiýäniň 5 aýlyk çaý eksporty 6 million 379 müň 810 dollara barabar boldy

 

Gündogar Garadeňiz eksportçylar bileleşiginden berlen beýanata görä, Türkiýeden ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan 5 aýlyk döwürde 87 ýurda 1639 tonna çaý esport edildi.

Çaý eksportundan 6 million 379 müň 810 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Geçen ýyl 5 aýda 1380 tonna çaý eksport edilip 4 million 324 müň 307 dollarlyk girdeji gazanylypdy.

Çaý eksportunda Belgiýa, Germaniýa we DKTR esasy orun eýeleýär.

Üstümizdäki ýylyň 5 aýlyk döwründe Belgiýa 556 tonna çaý eksport edilip 298 müň 393 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Belgiýadan soň 903 müň 165 dollarlyk çaý eksporty bilen Germaniýa ikinji, 583 müň 798 müň dollar bilen DKTR-üçünji orny eýeleýär.


Etiketkalar: #eksport , #çaý

Degişli Habarlar