Türkiýe bilen Hindistanyň adam başyna düşýän milli girdejisi Kovid-19 epidemiýasyna garamazdan artdy

OECD, G-20-a agza ýurtlaryň üstümizdäki ýylyň birinji çärýegindäki wagtlaýyn ösüş depginlerini öz içine alýan habarnama çap etdi

1434451
Türkiýe bilen Hindistanyň adam başyna düşýän milli girdejisi Kovid-19 epidemiýasyna garamazdan artdy

 

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy OECD, Kovid-19 epidemiýasyna garamazdan üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde G-20-a agza ýurtlaryň arasynda diňe Türkiýe bilen Hindistanyň adam başyna düşýän milli girdejisini artdyrandygyny habar berdi.

OECD, G-20-a agza ýurtlaryň üstümizdäki ýylyň birinji çärýegindäki wagtlaýyn ösüş depginlerini öz içine alýan habarnama çap etdi.

Habarnama görä, Türkiýäniň ösüş depgini üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 2019-njy ýylyň soňky çärýegi bilen deňeşdirilende 06, Hindistanyň ösüş depgini bolsa 0,7 göterim artdy.


Etiketkalar: #artmak , #milli girdeji , #OECD

Degişli Habarlar