Türkiýäniň ter gök we miwe önümi eksporty 20 göterim artdy

Eksport sanawynda Russiýa, Germaniýa, Polşa, Belgiýa we Gruziýa esasy orun eýeleýär

1430383
Türkiýäniň ter gök we miwe önümi eksporty 20 göterim artdy

Türkiýäniň ter gök we miwe önümi eksporty üstümizdäki ýylyň 5 aýlyk döwründe 20 göterim artyp 915 million dollara barabar boldy.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanatda, eksport sanawynda  Russiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Belgiýanyň we Gruziýanyň esasy orun eýeleýändigi nygtaldy.

5 aýda Polşa edilen terk gök we miwe eksportynyň 747 göterim, Belgiýa edilen eksportyň 130 göterim, Gruziýa edilen eksportyň bolsa 104 göterim artandygy nygtaldy.

Maý aýynda Russiýa 57,2 million dollarlyk, Germaniýa 20, 4 million dollar we Ruminiýa 16,9 million dollarlyk ter gök we miwe önümi eksport edildi.

 



Degişli Habarlar