"Eksportymyz importymyza garaşlydygy baradaky pozisiýa esaasyzdygy ýüze çykdy"

Berat Albaýrak: "Eksportymyz importymyza garaşlydygy baradaky pozisiýa esaasyzdygy ýüze çykdy" diýdi

1422805
"Eksportymyz importymyza garaşlydygy baradaky pozisiýa esaasyzdygy ýüze çykdy"

Türkiýäniň Gazna we Maliýe ministri Berat Albaýrak, Türkiýäniň eksportynyň importa garaşlydygy baradaky pozisiýanyň essasyzdygy ýüze çykandygyny habar berdi. 

Berat Albaýrak Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Ykdysady galkynyş we hyzmatdaşlyk guramasynyň (OECD), eksportyň içindäki importyň paýy barada geçiren ylmy derňewinde Türkiýäniň 16,5 göterim bilen iň gowy 20 ýurdyň arasyna girendigini, Germaniýa, Fransiýa we Italiýa ýaly ýurtlardan gowy ýagdaýdadygyny belledi. 

Albaýrak: "Eksportymyz importymyza garaşlydygy baradaky pozisiýa esaasyzdygy ýüze çykdy. Ykdysady galkynyş we hyzmatdaşlyk guramasynyň (OECD), eksportyň içindäki importyň paýy barada geçiren ylmy derňewinde Türkiýe 16,5 göterim bilen iň gowy 20 ýurdyň arasyna girip, Germaniýa, Fransiýa we Italiýa ýaly ýurtlardan ýagdaýy has gowy. Ýerlileşdirme we önümçilige berjek goldawlarymyz bilen bu mukdary has hem azaldarys" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar