Putin: “Energetika pudagynda şeýle durnuksyzlyk bolmandy”

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin global energetika bazarlarynyň ozal şeýle durnuksyzlygy başdan geçirmändigini beýan etdi

1407808
Putin: “Energetika pudagynda şeýle durnuksyzlyk bolmandy”

Putin Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak we ýurtdaky energiýa firmalarynyň wekilleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde maslahat geçirdi.

Koronawirus epidemiýasynyň global ykdysadyýete we energiýa serişdelerine bolan islege iňňän ýaramaz täsir ýetirendigini beýan eden Putin: “Glybal energiýa bazarlary ozal şeýle durnuksyzlygy başdan geçirmändi” diýdi.

Russiýanyň energiýa bazarlaryny deňagramlaşdyrmak üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen çözgüt gözlegini dowam etdirjekdigini beýan eden Putin: “Energiýa bazarlaryndaky we ykdysadyýetdäki ýaramaz täsirleri gowşatmak üçin OPEK bilen käbir nebit öndüriji ýurtlaryň arasynda gazanylan ylalaşyk ýaly bilelikdäki tagallalar edilmeli” diýdi.

Saud Arabystanynyň liderlik etmegindäki OPEK guramasy Russiýanyň öňbaşçylyk etmegindäki OPEK-e agza däl nebit öndüriji ýurtlar 1-nji maýdan başlap jemi çig nebit önümçiligini 2 aýyň dowanyda günlük 9,7 million barrel azaltmak hakynda karar kabul edipdi.



Degişli Habarlar